Sanly tehnologiýa – ösüşiň binýady

Täze eýýamyň Galkynyşy bilen kuwwatlanýan ýurdumyzda Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty oňyn ösüşlere eýe bolýar. Bu oňyn ösüşler hal­kymyzyň asuda, abadan durmuşynyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan döw­let­li tu­tum­lar­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar.Häzirki sanly ulgamyň barha çalt depginler bilen ösýän zamanasynda ähli ugurlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanlylaşdyrylan durmuş ulgamlarynyň toplumlaýyn gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak esasynda oňyn ösüşi üpjün etmek ileri tutulýan möhüm wezipedir. Şäher ilatynyň amatly durmuşy, netijeli zähmeti, bilim almagy, doly derejeli dynç alşy, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmek üçin şäher gurşawynda doly derejeli üpjünçiligiň ýola goýulmagy sanlylaşdyrmagyň möhüm şertidir.

Häzirki wagtda ýokary derejede ösdürilýän «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Şeýlelikde, şäher düzümleriniň dolandyryşyny, raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi ulgam kemala gelýär. Bu konsepsiýa ugurlarynyň hatarynda «akylly» binalar, ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalary, bir bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara tölegleri geçirmäge we zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly şäher gollanmalary bar. Munuň özi ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertleri üpjün edýän häzirki zaman şäheri emele getirýär. Sanly kommunikasiýa ýaýlymlary, emeli aň, robotlaşdyrmak häzirki döwrüň esasy serişdelerine öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny  hem talap edýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly üns berilýär. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi kämil bilim gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini öz içine alýar. Yzygider gurulýan döwrebap kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy ýaş nesliň okamak mümkinçiliklerini düýpli özgerdýär we elektron görnüşdäki kitaplaryň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Innowasion tehnologiýalar kitaphana hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp okyjylaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar we täze mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim ulgamyndaky ösüşler pugtalanýar. Munuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler IT-hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylara ýardam bermäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň interaktiw we multimediýa usullaryny ulanmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň okyjylar we ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär. Umuman, sanly tehnologiýalar we sanly ösüşler bagtyýar döwürde abadan durmuşda ýaşamakda, kämil bilim almakda, dünýä derejesi bilen aýakdaş gitmeklikde möhüm orny eýeleýär.

Amanbibi GULLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok