Oba hojalyk pudagy batly depginlerde

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna oba hojalyk toplumy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp düzmeler ornaşdyrylýar.

Sahawatly türkmen topragynda gazanylýan üstünlikleri ýurdumyzda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli goldawyň berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň daýhanlarynyň, şol sanda hususyýetçileriniň çekýän halal zähmetleriniň netijesinde, bereketli türkmen topragynda ýokary hilli we dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip we olary gaýtadan işläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly işler alyp barýarlar. Oba hojalyk pudagyndan gazanylýan üstünlikleriň netijesinde, ýurdumyzyň ilatyny ýylyň ähli paslynda gök we ter miwe, bakja, sitrus önümleri bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilmegi dowam etdirilýär. Halkymyzyň bolelin durmuşda rahat ýaşamaklary üçin gije- gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Atamyrat AMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok