Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmek, ony ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň ösüş-özgerişlerine zähmet üstünliklerini bagyşlaýan türkmen daýhanynyň halal zähmeti Watanymyzyň bagtly geljegini nurlandyrýar, döwrümiz bagtyýarlyk zamanamyzyň beýik işlerinden şöhratlanýar, ýeňişli ýollarda gujur gaýratlanýar. Edermen daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde sahawatly türkmen topragymyzdan bol hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanylyp, ata-babalarymyzyň kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrylýar.
Türkmen halkymyz gadymyýetden bäri merdanalyga, tutanýerlilige, zähmetsöýerlige ýugrulan zähmet ýeňişlerini görkezip gelýär. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň gazanýan ýokary netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Oba hojalyk toplumy ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş derejesi, bolelin hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaşlar oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça dürli temalarda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyryp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli işler bilen yzygider tanyşmagy aýratyn bellärliklidir. Bulardan başga-da Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda ylmy işläp taýýarlamalaryň her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini, welaýatlaryň, etraplaryň oba hojalyk hünärmenleriniň oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmak bilen bu pudagy ösdürmekligiň üns merkezinde saklanylmalydygyny nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan şeýle beýik işleri bolsa milli ekerançylyk däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýaş nesli zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde uly aladalaryň edilýändiginiň alamatydyr. Bu asylly işler ak bugdaýyň her dänesini gyzyla deňäp, ene ýerden bereket tapýan halkymyzy uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Beýik başlangyçlary bilen Watanymyzy berkararlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan belent maksatly beýik başlangyçlarynyň dowamaty dowam bolsun!
Serdar AÝDOGDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.
Teswirler