Möwsümleýin keseller we olaryň öňüni almak

Grip adatça 1-3 günläp gizlin geçenden soň ysgynsyzlyk, üşütme, gyzgynyň ýokarlanmagy bilen duýdansyz başlanýar. Kellagyry, bogunagyry, myşsalaryň agyrmagy, ýürek bulanma, gysma ýaly alamatlar näsagy ynjalykdan gaçyrýar. Saglygyna ünsli seredýän adam kesel açyk-aýdyň ýüze çykmanka ýarawsyzlyk duýýar. Bokurdagyň gijemegi, burnuň dykylmagy ýiti respirator keselleri, şol sanda gribi hem güman etmäge esas berýär. Şu pursatda degişli çäreler geçirilende keseliň ösüşini duruzmak we öňüni almak mümkindir.

Möwsümleýin keselleri bejermek mümkin bolsa-da ondan goranmak we öňüni almak has aňsatdyr. Munuň üçin, arassaçylyk düzgünlerini we ätiýaçlyk çärelerini gyşarnyksyz berjaý etmeli, dogry iýmitlenmeli, sport bilen meşgullanmak, her gün bedenterbiýe maşklaryny ýerineýetirmek arkaly   immunitetiňi pugtalandyrmaly. Gribiň wirusy daşky gurşawda uzak ýaşamaga ukyply bolýar. Meselem, eller bilen agzyny tutup üsgürýän, asgyrýan syrkaw gapyny açyp-ýapanda özündäki wirusy onuň tutawajyna geçirip bilýär. Tutawaçda uzak wagtlap saklanýan wirusyň sagdyn adama ýokuşmagy üçin onuň gapynyň tutawajyny ellemegi we soňra hapa eli bilen agzyny süpürmegi ýa-da gözlerini owkalamagy ýeterlik bolýar. Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin zerur bolmasa köp adamly ýere barmak, asgyrýan ýa-da üsgürýän näsaga ýakynlaşmak maslahat berilmeýär. Daşardan geleniňde, syrkawyň ulanan zadyny elläniňde, nahardan öň we soň elleriňi 2-3 minutlap sabynlap ýuwmaly. Durmuş hajatly zatlary syrkaw bilen şärikdeşlikde ulanmaly däl. Otagyň içini ýelejiredip durmaly, günde çyg esgi bilen süpürmeli. Her gün howanyň sergin wagtynda daşarda gezmelemeli. Gribiň köpçülikleýin ýaýraýan möwsümlerinde ajysyny  gözleriňe girizip, sogan  dogramak, düýp sogany ikä bölüp, bolýan otagyňda saklamak, käte içine ownuk sarymsak bölejikleri atylan çäýnegiň agzyndan dem almak, ajy balgar burçunyň birnäçesini bir ýüpe düzüp, aşhanada asyp goýmak, öýde wiruslara garşy hem-de rahatlandyryjy täsire eýe bolan  ýüzärligi tütetmek peýdaly.

Sähetbike ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen
döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok