Mertebesi belent Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi.» diýip, örän jaýdar belleýär. Çünki, Magtymguly atamyz özünden öňki ýaşap geçen köp şahyrlaryň, esasanda dünýä türkmenleriniň edebiýatynyň görnükli wekilleri bolan Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Seýit Ymameddin Nesimi ýaly beýik akyldarlaryň şahyranalyk tejribesini, many-mazmuna baý çeperçilik serişdesini has içgin öwrenipdir hem-de ony öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, geljek nesle özboluşly bir kämil eserleri miras goýupdyr. Bu barada filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romankuly Mustakow «Magtymguly we Gündogar edebiýaty» atly kitabynda: «Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Nesimi ýaly meşhur sopy şahyrlaryň eserleri Magtymgulynyň döredijiliginde özboluşly täsir galdyrypdyr.
Magtymguly ol şahyrlaryň ynsanperwerlik pikirlerini, çeperçilik tärlerini özüçe ösdürip, özboluşly, durmuşa ýakyn, milli ruhly eserler döredipdir» – diýen ylmy-nazary pikirini öňe sürýär. Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre we Seýit Nesimi ýaly beýik akyldar şahyrlaryň döredijiliginden Magtymguly Pyragynyň döredijiligine edebi däp we täzeçilik hökmünde miras galan çeperçilik serişdeleriniň biri bolsa «bazar» pelsepesidir. Çünki, 1105 – 1166-njy ýyllarda Gazagystanyň Türküstan şäheriniň Ýasa obasynda ýaşap geçen türkmen danasy Hoja Ahmet Ýasawynyň / 2004-nji ýylda neşir edilen «Hikmetler» kitabyndaky, 1238 – 1320-nji ýyllarda Türkiýäniň Eskişehir welaýatynyň Siwrihisar etrabynyň Saryköý obasynda ömür süren türkmen gojasy Ýunus Emräniň 2004-nji ýylda çap edilen «Diwan» kitabyndaky, 1370 – 1433-34-nji ýyllarda Siriýanyň Halap şäherinde ýaşap geçen türkmen şahyry Seýit Ymammeddin Nesiminiň 2010-njy ýylda neşir edilen goşgular ýygyndysyndaky liriki eserleriň aglabasynda «bazar» we onuň baglanyşykly «dükan», «bakgal», «bezirgen», «täjir», «söwda», «söwdagär», «haryt», «rowaç», «mata», «pul», «teňňe», «dirhem», «almak-satmak», «hasap-hesip», «arzan-gymmat» ýaly ykdysady adalgalar göçme manyda, milli çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylypdyr.
Ýeri gelende aýtsaň, Magtymguly Pyragy hem, öz gezeginde özünden öň ýaşap geçen dünýä türkmenleriniň edebiýatynyň görnükli wekilleri bolan Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emräe, Seýit Ymameddin Nesimi ýaly beýik söz ussatlarynyň edebi mirasynda biçak giň orun alan «bazar» pelsepesini milli çeperçilik serişdesi, edebi däp we täzeçillik hökmünde kabul edip, bu şahyrana aňlatmany öz döredijiliginde örän ussatlyk bilen, ýerlikli peýdalanypdyr.
1238 – 1320-nji ýyllarda Türkiýäniň Eskişehir welaýatynyň Siwrihisar etrabynyň Saryköý obasynda ýaşap geçen türkmen gojasy Ýunus Emräniň «Diwan» kitabyndaky 96-njy gazalynyň:
Meniň munda kararym ýok, men munda gitmäge geldim,
Bezirgenem, matagym çoh, alana satmaga geldim – diýen,
«Diwan» kitabyndaky «Fatyh» nusgasyna girmedik 88-nji şygrynyň:
Bu dünýä bir bazardyr, suratlar olmuş dükan,
Bu dükana giriban oldur satan bu käni
– diýen bentlerinden çeper täsirlenmäni Magtymguly Pyragynyň «Dogrusy» atly goşgusynyň:
Men bir bezirgen menem, yşkyň matasyn sataram,
Şähriňizge gelmişem, bes söwdagärem, dogrusy
– diýen, «Kimse gidip baradyr» atly şygrynyň:
Pelek bir bakgaldyr, dünýä bir bazar – diýen,
«Owazym» atly goşgusynyň:
Bu dünýä bir bazardyr
Kimse görmäge zardyr – diýen şahyrana setirlerinde anyk-aýdyň görmeklik bolýar.
1370 – 1433-34-nji ýyllarda Siriýanyň Halap şäherinde ýaşap geçen türkmen şahyry Seýit Ymammeddin Nesiminiň «Bulunmaz» atly şygrynyň:
Jähl işi rowaç üşte, kesad eýledi fazly,
Ylm ähline bir rownagy bazar bulunmaz
– diýen bendindäki «rowaç» sözi hem şahyrana dilde «bazar» pelsepesi bilen baglanyşykly çeper aňlatmalaryň biridir. Seýit Nesiminiň «bazar» pelsepesi bilen baglanyşykly orta asyrlar türkmen edebiýatyna getiren bu çeperçilik serişdesiniň – «rowaç» diýen şahyrana aňlatmanyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem edebi däp we milli täzeçillik hökmünde örän giň orun alandygy, beýik akyldar şahyrymyzyň «Gul bolgul» atly şygrynyň:
Her bazarda rowaç bolmak isleseň,
Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul – diýen,
«Gülgüzar oýnaşar» atly goşgusynyň:
…Yşk söwdasy rowaç tapan bazarda
Satan bilen, ol hyrydar oýnaşar – diýen,
«Baka-baka gider sen» atly şygrynyň:
Hiç rowaç tapmadyň sözüň bazarna,
Hyrydarsyz, döke-döke gider sen
– diýen şahyrana setirleriniň esasynda hem mese-mälim aýan bolýar. Çünki, bu şygyr setirlerinde «rowaç» sözüniň «geçginli haryt» manysyny aňladyp, «bazar» pelsepesiniň esasy düzüm bölegi bolup gelýändigini Aşyrpur Meredow bilen Sapar Ahallynyň 1988-nji ýylda bilelikde neşir eden «Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlügi» atly, Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çap edilen «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» atly kitaplaryna ser salanyňda-da has içgin göz ýetirmeklik bolýar.
Diýmek, müňlerçe ýyllaryň dowamynda many-mazmun taýdan özgerip, türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerinde şowlylyk, üstünlik, oňaýlylyk, oňunalyk diýen manylary berýän «rowaç» sözüniň aslynda sözköki – etimologiýasy ýagny, gelip çykyşy boýunça añladýan manysy «geçginli haryt», «ýörgünli bazar» diýen düşünjeleri bermeklik bilen, ol türkmen nusgawy şygryýetinde özboluşly bir milli çeperçilik serişdesi bolan «bazar» pelsepesiniň düýpgöter täsirli şahyrana aňlatmalarynyň biridir.
Diýmek, bazar we onuň bilen baglanyşykly çeper aňlatmalar dünýä türkmenleriniň edebiýatynyň görnükli wekilleri bolan Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Seýit Nesimi, Magtymguly Pyragy ýaly beýik söz ussatlarynyň goşgularynda liriki mazmun dörediji serişde bolup hyzmat edipdir we obraz derejesine çenli ösdürilipdir. Ýöne, bazar obrazy Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň we Seýit Nesiminiň döredijiliginde diňe bir manyda – göçme manyda, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda bolsa iki manyda – göçme we göni manylarda işlenipdir. Magtymguly atamyzyň «Mal ýagşy» atly şygrynyň:
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir, güwläp ýatan çöl ýagşy – diýen,
«Elde bar bolmasa» atly goşgusynyň:
…Otly, suwly tamug ondan ýagşydyr,
Her ülkäniň bir bazary bolmasa – diýen,
«Pynhan eýlär» atly şygrynyň:
…Bir ýurduň bazary gyzsa,
Her bir adam, dükan eýlär – diýen,
«Ötgül, Pyragy» atly goşgusynyň:
…Wazzuha eýleýip, gurar sen bazar,
Iliňe bagş eýläp, ötgül Pyragy
– diýen şahyrana setirlerinde «bazar» pelsepesiniň, ýagny bazar obrazynyň göni manysynda işlenilişine duş gelmek bolýar. Ýeri gelende aýtsaň, Magtymguly atamyzyň edebi mirasynda dünýä türkmenleriniň edebiýatynyň görnükli wekilleri bolan Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Seýit Nesimi ýaly beýik söz ussatlarynyň döredijiliginden tapawutlylykda bazar obrazynyň göni manysynda işlenmeginiň düýp esas sebäbi – şahyryň öz ýaşan zamanasynyň dagynyk halkyny ymykly, jebis millete öwrüp, merkezleşen bir döwleti edara etmekde çeper sözden daşgary-da bir durmuşy esasyň, başga-da bir bitewileşdiriji güýjüň gerekdigine akyl ýetirenligindedir we şol uly kuwwaty hut bazarda, beýik bazar gatnaşyklarynda görendigindedir.
Çünki, beýik Magtymgulynyň öz zamanasynyň jemgyýetçilik gurluşlaryna laýyk döreden bazar, bazar meseleleri bilen baglanyşykly şahyrana pikir garaýyşlary onuň bazary milli ykdysadyýetiň kepili, özeni, ýüregi hasaplandygyndan we ony milli jebisligiň, dagynyk ýaşaýyşdan dynmagyň möhüm faktory hökmünde teswirländiginden habar berýär.
Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary
etrap geňeşiniň işgäri.
Teswirler