Innowasion ösüşiň ýoly bilen

Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň pähim-parasatly syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda, mähriban Watanymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşiň döwrebap nusgalaryna çalt depginler bilen geçmegi, düýpli we bähbitli ylymlary, öndürijilik taýdan kuwwatly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Çünki XXI asyr ylmyň, täze tehnologiýalaryň, adamzat aňynyň güýçli ösýän, halkara gatnaşyklarynyň has täze we netijeli görnüşlerine eýe bolýan asyrydyr.

Şan-şöhraty gün-günden arşa göterilýän eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda zähmet ýeňişleriniň täze belentliklerine ýetmekde döwrebap ösüş ýollarynyň saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Çünki dünýä bazarynyň şertleri döwür bilen aýakdaş gidilmegini, täze ykdysady talaplardan ugur alynmagyny, ýokary ösüşleriň gazanylmagyny talap edýär.

Döwletiň ösüşi boýunça gazanylýan netijeleri ýokarlandyrmak köp derejede önümçilik esasyň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, kämil önümçilik tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ykdysady ösüş ýollarynyň dogry saýlanyp alynmagyna baglydyr.

Innowasiýaly ykdysadyýeti ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatlary «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdür­me­giň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Ol öz öňünde ýurdumyzy tebigy baýlyklaryň, şeýle hem maliýe we zähmet serişdeleriniň hasabyna çalt depginde ösýän ykdysadyýetli, ýokary hilli ýaşaýyş derejesi üpjün edilen döwletleriň hataryna çykarmagy maksat edip goýýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda adam güýjüne egsilmez baýlyk hökmünde uly sarpa goýulýar. Esasan-da, ýaşlaryň öz aňyýetini kämilleşdirmegi we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde ýaşlara bilim berlişini, kämil şahsyýetleri we ussat hünärmenleri taýýarla­ma­gyň gel­je­gi — bu zäh­met bilen üpjünçilikde ýurduň halkara ornuny kesgitleýär. Şeýle hem döwletiň kämil şahsyýeti, ýokary bilimliligi, hünär başarjaňlygyny talap edýän bäsleşige ukyply ykdysadyýeti döretmekde baş orny eýeleýän strategiýa baýlygydyr.

Tehnologiýa ulgamyndaky innowasiýa ösüşi önümleriň, tehnikalaryň, enjamlaryň täze, şeýle hem has kämilleşdirilen görnüşlerini ähli pudaklara ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Biziň ýurdumyzda täze we ýokary hilli, ýokumly we ynsan saglygyna zyýansyz önümleri öndürmek azyk önümçiligindäki innowasiýaly ykdysadyýeti döretmegiň öňündäki baş maksady kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet eýeçiliginiň kärhanalaryny hususylaşdyrmak, önümçiligiň täze ugurlaryny we görnüşlerini ygtyýarlandyrmak, erkin ykdysady zolaklary, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek babatynda işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Melike REJEPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok