Il saglygy – ýurt baýlygy

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de ilatyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýaşlary be­den­ter­bi­ýä we köp­çü­lik­le­ýin spor­ta höweslendir­mek iş­le­ri­ne Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda aýratyn üns be­ril­ýär. Ýurdumyzda jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň esa­sy gym­mat­ly­gy­ adam hasaplanylmak bilen, «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy jem­gy­ýe­tiň we her bir ra­ýa­tyň sagdyn dur­muş gur­şa­wy­nyň dö­re­dil­me­gin­dä­ki or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, eziz Di­ýa­ry­my­zyň çar kün­jün­de gur­lup ula­n­ma­ga be­ril­ýän saglyk merkezleri, sag­lyk des­ga­la­ry, sport top­lum­la­ry, dür­li se­ýil­gäh­ler, döwrebap şypahanalar yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar.

Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli ylmy-en­sik­lo­pe­dik ese­ri sahawatly türk­men top­ra­gyn­da ös­ýän jana mel­hem ösümlikleri ylmy taýdan öwrenmäge, olaryň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri, taý­ýar­la­nyly­şy we ula­ny­ly­şy ba­batda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy rejeli peý­da­lan­mak, gözel te­bi­ga­ty­my­zy go­ra­mak we baý­laş­dyr­mak, ony gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Ýaş nesilleriň sagdyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­megini gazanmak, ka­da­ly iý­mit­len­mek, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly endiklerini ösdürmek möhüm wezipe hökmünde üns merkezinde saklanylýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz diňe bir saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmän, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda hem ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­lar bi­len dost­luk-do­gan­lyk gatna­şyk­la­ry saglygy goraýyş ulgamynda hem bar­ha ilerleýär. Bu ugurda ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, bu ugur­da­ky teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da hem köp san­ly hal­ka­ra fo­rum­lar­dyr mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Be­lent yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler, sag­ly­gy go­raý­şyň yl­my we hu­kuk esa­sy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, şä­her­ler­de we oba­lar­da saglygy goraýyşyň ös­dü­ril­me­gi, bu­la­ryň hem­me­si mähriban raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde döwletimizde alnyp barylýan sy­ýa­sa­tyň möhüm aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň biridir. Il-ýurt bähbitli şeýle guwandyryjy işler Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bu ugurda ýola goýulýan asylly tutumlaryň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Çünki ata Watanymyz eziz Türk­me­nis­tan – sag­dyn­ly­gyň hem ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dudyr.

Güljeren ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok