Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasadyndan gülleýän diýarymyzda ýetilýän ýeňişli menziller bilen ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyz abadan durmuşda bagtly ýaşaýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan ähmiýetli wakalar, belli seneler şöhratly geçmişimiziň, şu günümiziň hem-de nurana geljegimiziň jebisligini emele getirýär, ösüşlerden ösüşlere atarýar.
Şeýle bagtyýar döwrümizde uludan bellenilýän, batly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýan ähmiýetli seneleriň biri hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk günüdir. Bu gün bagtyýar türkmen halkymyz beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny uludan garşylaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz – halkymyzyň mizemez gymmatlygy bolup, döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň sarsmaz binýady. Gazanylýan üstünliklerimiziň, ösüşlerimiziň ählisi öz gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Hut şonuň üçin hem milli senenamamyzdan orun alan bu şanly sene her ýylda döwlet derejesinde belent maksatlara galkyndyrýan milli baýram hökmünde buýsanç bilen bellenip geçilýär.
Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden bäri, merdana halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň Ähli ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilata döwrebap derejede hyzmat etmek boýunça ýola goýulýan çäreler, olaryň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek işlerine uly üns berilýär.
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kuwwatyny artdyrmak ata ýurdumyz üçin ähmiýetli özgertmeleri, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmakdan gözbaş alýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni, ylym-bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri giňden wagyz etmek möhüm wezipedir.
Eziz Diýarymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşmak, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere goşandymyzy goşmak her birimiziň borjumyzdyr.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy gutly bolsun!
Babajan ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler