Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň binýady

Ekologiýa abadançylygy-durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsyzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramakgy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Döwletimiziň esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar.Ýurdumyzda ekologiki bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty dürli ugurlar boýunça ösmegini we kämilleşmegini dowam edýär. Tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmek üçin halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmak, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmak, ilatyň sanitar-epidemologik howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar.

Ata Watana, ene topraga söýgi onuň gözel tebigatyna bolan söýgi bilen aýrylmaz baglanyşykydyr. Çünki Watan, tebigat, toprak ýaly düşünjeler özara berk baglanyşyklydyr. Watanymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp tebigaty nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemekde baş serişde, maglumatlara baý, esasy görkezme esbap bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly gymmatly kitabynda: “Obadan daş ýere giden adamyň tiz dolanyp gelmegi yrym edilip, şeýle dessur berjaý edilipdir. Onuň öýüniň agzynda ýowşan asylyp goýlupdyr. Şeýlelik bilen Watan mukaddesliginiň güýjüniň şol tebigatyň özünde ýaşaýandygyna ynam edipdirler” diýip, bellemek bilen tebigat bilen bagly yrym-ynançlaryň halkymyzyň aňyna we ganyna siňendigi dogrusyndaky pikiri dürli rowaýatlaryň üsti bilen teswirleýär. Dagdan agajyna gadym döwürlerden bäri adamlary göze görünmeýän, ynsan saglygyna zeper ýetirýän bela-beterlerden, ýaramaz täsirlerden goraýan, binalaryň berkligine ýardam edýän gymmatlyk hökmünde garalyp gelinýär.

Ekologiýa howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düzüm bölegidir. Çünki ekologiýa abadançylygy bu – sagdyn durmuşyň,sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň bellärlikli kepilidir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Amangeldi MUHAMMETGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-niň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok