Adaty aý balygy, ýa-da başgaça baş balygy aý balyklar maşgalasynyň bir görnüşidir. Ol häzirki süňkli balyklaryň arasynda iň agyrlarynyň biridir. Bu balyklaryň uzynlygy üç metre ýetýär. 1980-nji ýylyň sentýabrynda Sindeýiň golaýynda uzynlygy 3,1 metr, agramy 2235 killogram bolan aý balygy Ginnesiň rekorlar kitabyna girizildi. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Azor adasynyň kenarynda agramy 2744 kilogram bolan ölen aý balygy tapyldy. Bu süňkli balyklar üçin rekord hasaplanýar. Onuň beýikligi 3,5 metr, uzynlygy bolsa 3,6 metre barabardyr.
Adaty aý balygy tropiki ummanlarda ýaşaýarlar. Olar pelagik zonada 844 metr çuňlukda ýaşaýarlar. Arka we anal ýüzgüçleri yza süýşüp, guýruk ýüzgüjini emele getirýärler. Bu balyk gök ýa-da çal goňur reňklidir. Olar esasan meduzalar we beýleki pelagiki oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Bu oňurgaly balyklaryň arasynda iň köp nesil döredýän görnüşleriň biri hasaplanylýar. Olar her gezekde 300,000,000 sany işbil taşlaýarlar. Uly aý balyklary gaty ejizdir. Olary deňiz arslanlary, ganhor kitler we akulalar awlaýarlar. Ýaponiýada, Koreýada we Taýwanda etleri nepislik hasaplanýar. Käbir ýurtlarda aý balygynyň önümleriniň satylmagy gadagan edilendir.
Aý balygy Ýuwaş ummanynda Kanadadan Perunyň günortasynda we Çiliniň sebitlerinde, Hindi-Ýuwaş umman sebitlerinde, Hindi ummanynda, Gyzyl deňizde, Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky sebitlerde, Täze Zelandiýa we Gawai adalarynda, Gündogar Atlantikde Skandinawiýadan Günorta Afrika çanli aralyklarynda ýaşaýarlar. Käwagtlar Baltika we Ortaýer deňizlerinde hem duş gelýärler.
Ýaz we tomus aýlarynda demirgazyk-günbatar Atlantikada bu balyklaryň populýasiýalaryndaky sany 18000-e ýetýär. Kenarýaka suwlarynda uzynlygy 1 metr bolan aý balyklary köp bolýan ýerlerine duş gelnendir. 2003-2005-nji ýyllarda Irlandiýa we Seltik deňizlerinde bu görnüşiň 68 sanysy hasaba alyndy.
Adatça bu balyklara 100C-den ýokary temperaturaly ýerlerde duş gelinýär.
Kakageldi ÝAZMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler