Bilim ulgamyny kämilleşdirmek – häzirki zamanyň ösüş guraly

Ylym we tehnikanyň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

«Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz bu barada nygtady.  

Bi­lim ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry bol­sa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp düýp­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim ha­kyn­da­ky Ka­nu­ny bi­lim ba­bat­da gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk esas­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýär we döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni, şeý­le hem bi­lim ul­ga­my­nyň mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­ni we onuň işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da kes­git­le­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň bi­lim pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ra, hü­när­men­le­re dö­re­di­ji­lik­li we has ne­ti­je­li iş­le­mä­ge, ta­lyp ýaş­la­ry­my­za bol­sa ru­hy hem be­den taý­dan sag­dyn ös­mä­ge, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de bi­lim­le­ri alyp, dur­mu­şa taý­ýar bol­ma­ga, ýur­du­my­za, hal­ky­my­za ge­rek­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mä­ge şert­le­ri, esas­la­ry dö­red­ýär.

Bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan iň­ňän öň­den­gö­rü­ji­lik­li yn­san­per­wer tä­ze sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ug­ru­nyň ýaş­la­ra oňat bi­lim ber­mä­ge, diý­mek, has my­na­syp gel­je­gi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aý­dyň su­but ed­ýär. Ta­lyp ýaş­lar dö­re­dilen müm­kin­çi­lik­le­r­den ýer­lik­li peý­da­la­nyp, ata-ba­ba­la­ry­myzyň däp­le­ri­ni do­wam edip, hä­zir­ki ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­ler­de iş­le­mä­ge taý­ýar bo­lar­lar hem-de bü­tin dün­ýä­de uly ab­ra­ýa eýe bo­lan pa­ra­hat we gül­läp ös­ýän ýur­du­my­zyň ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ry­na, tä­ze ösüş ug­ru­nyň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­ne öw­rü­ler­ler.

Pirmuhammet GURBANMÄMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-niň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok