Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Dana pederlerimizden gelýän döwletlilik ýörelgelerimiziň biri-de bina
galdyrmak bolup durýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata- babalarymyzyň däp-dessurlaryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün ýurdumyzda täze, döwrebap bilim ojaklarynyň ençemesi bina edilýär.

Talyp-ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, öwrenýän hünärlerine
döredijilikli çemeleşip, kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin gurulýan ýokary okuw mekdeplerinde ähli amatly mümkinçilikler döredilýär. Olarda innowasion, interaktiw tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.

Altyn güýzüň bilimler baýramy bilen utgaşyp gelen ilkinji gününde
paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. 5 müň oruna niýetlenen bu binalar toplumy hemmetaraplaýyn bilimli we sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ylymly ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň
döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, her bir raýatyň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Şeýle aladalaryň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jemal KURBANOWA,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok