Elektoenergiýa senagaty täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzdaky hereket edýän desgalara ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen öndürilýän önümleriň möçberi artýar. Bu bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň artmagyna ýol açýar.

Ykdysadyýetimiziň elektroenergetika pudagy hem öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biridir. Bu pudagyň ösmegi ýurdumyzdaky ähli pudaklaryň ösmegine mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda biziň durmuşumyzy elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Şol sebäpli ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilip, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar we durky täzelenýär.

Ýurdumyz elektroenergiýa önümçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ösen tehnologiýaly täze elektrik stansiýalarynyň köpüsi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda türkmen energetikasynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-ini mysal getirmek bolar. Ma­ry­nyň döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän kuw­wa­ty 1574 me­ga­wa­ta deň bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­myz­da je­mi tas­la­ma kuw­wa­ty 6721,6 me­ga­wa­ta deň bo­lan 12 sa­ny elekt­rik be­ke­di­ he­re­ket ed­ýär. Bu des­ga­lar­da 36 gaz we 12 bug tur­bi­na­la­ry iş­le­ýär.

Ma­ry­nyň döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy diňe bir sebitde iri elektrik stansiýasy bolmak bilen çäklenmän, onuň ekologik taýdan we senagat ähmiýetini, ykdysady ähmiýeti bilen tapawutlanýandygyny hem aýtmak bolar. Bu elektrik stansiýa innowasion, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, onuň işe girizilmegi elektrik energiýa senagatynyň ösmegine, halkymyzyň energiýa mümkinçiligini has hem artdyrdy.

Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gynyň ösmegi, daşary ýurtlara eksport edilmegi, ilatymyzyň elektroenergiýa mümkinçilikleriniň gowulanmagy ykdysadyýetiň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Batyr ŞYHYÝEW,
HNGU-niň Energetika we inženerçilik
desgalary fakultetiniň SDTTEHA
hünäriniň V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok