Ýurdumyzda ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistan geografik ýerleşýänligini has ýerlikli peýdalanmak bilen, häzirki wagtda sebitleri hem-de yklymlary birleşdirýän ýurda öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek, kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi bu babatda bäsdeşlige ukyply düzümi kemala getirmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, TRACECA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar» diýip belledi.
Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň ösüşini ulagsyz göz öňüne getirmek gaty kyn. Ösüş — munuň özi, ilkinji nobatda, ýurtlaryň söwda-ykdysady we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlykdyr. Şol sebäpli ulag meselesine uly üns we gyzyklanma bildirilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek, hususan-da, deňiz, derýa ulag ulgamynyň gerimini giňeltmek, täze howa, demir ýol, awtomobil ulag merkezlerini we geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulag gatnawynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Biziň ýurdumyz hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalyşýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, ulag ulgamyny ösdürmek ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu geçelgeler ýurdumyzyň sebitlerini gysga wagtda birleşdirer,şonuň bilen bir hatarda pudagyň bökdençsiz işlemegini üpjün eder, ýolagçylar üçin has oňaýly şertleri döreder. Ýokarda ady agzalan iri ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy sebitde ykdysadyýetiň ösmegine oňaýly täsir edýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitine Aşgabat — Türkmenabat awtobany awtomobil ýollarynyň köp şahaly ulgamyna birikdiriler. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bolsa Özbegistanyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, deňiz ýoly arkaly Eýrana, Pars aýlagyna Russiýa, Kawkaza, Ýewropa, çykmaga mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda Türkmenistan birnäçe üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
Aýzada REJEPMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň ýewropa dilleri
we edebiýaty fakultetiniň
IV ýyl talyby.
Teswirler