Nädip bagtly maşgalany gurmaly?


Maşgala bu iň uly bagtdyr. Maşgala guranda ähli adamlar bagtly ýaşaýar diýip umyt edýärler, ýöne durmuş guranlaryň hemmesi üstünlik gazanyp bilmez. Köp kişi maşgaladaky bagtsyzlygyň pul bilen baglanyşyklydygyny aýdýar, emma bu beýle däl. Sosiologiki gözegçilikleriň görkezişi ýaly, baý hemde garyp jübütler hem durmuşda bagtsyz bolup bilerler. Maşgala bagty durmuş derejesine ýa-da pul mukdaryna bagly däldir. Bagtly durmuş hakynda her bir adamyň öz pikiri bardyr. Ýöne, esasan maşgala bagty är-aýalyň birek-biregiň durmuşynyň aladasyz we şatlykly etmek ukyby bilen kesgitlenilýär. Her bir är-aýal çagalaryny we ýanýoldaşyny begendirmek üçin islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge taýyn bolsa, uzak ýaşamak we çagalaryny terbiýelemek şatlygyny başdan geçirip, uzak we manyly ýaşamak üçin ýeterli sabry we güýji bolar. Şeýle maşgala döretmek üçin, geljekgi ýanýoldaşyňyzy saýlamakda jogapkärçilikli bolmaly. Köp adamlar özlerini gowy, edepli we akylly adamlar hasaplaýarlar, öz jübütine mynasyp, ýöne şol bir wagtyň özünde-de özleriniň erbet häsiýetlerine üns bermeýärler: egoistik, buýsanç, açgözlük, paýhaslylyk, gahar we hemişe nägilelik. Köp erkekler durmuş gurandan soň, aýalynyň ony hormatlamaga, onuň üçin alada etmäge we söýmäge borçly diýip, içýärler, oturyşyk edýärler we çilim çekýärler. Aýallar ýalan sözleýärler, sebäpsiz ýere jedel edýärler we ärleriniň owadanlygy we jynsy gatnaşyklary üçin olary söýmäge borçlydygyna ynanýarlar. Mazaly tagamlary bişirmek, arassalamak we çagalara ideg etmek islemeýärler. Bu borçlaryň hemmesiniň adamsy tarapyndan ýerine ýetiriljegine ynanýarlar, pikirine görä hemme zat onuň islegi ýaly bolmaly. Özüňizi bagtly är-aýal hasaplap, agşam işden öýe gelip, günüň dowamynda nämeler edendigiňizi, nämeler bolandygyny gürrüň berseňiz , onuň göwni göteriler, size bolan ynamy artar. Siz bagtly, sebäbi gowy habar ýa-da hasrat paýlaşyp biljek ýakyn adamyňyz bar. Bu bolsa dünýädaki iň bagtly duýgularyň biridir.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok