Gümmürdeýän tüsse

Wiktoriýa – Günorta Afrikanyň Zambeziýa döwletiniň çägindäki şaglawukdyr. Ol Zambiýanyň we Zimbabweniň serhedinde ýerleşýär. Ini 1800 metr, beýikligi bolsa 120 metre ýetýär. Suwuň akyşy möwsümleýin üýtgäp durup, ortaça 1400 m3. Wiktoriýa beýikligi 100 metrden we ini 1 kilometrden uzyn bolan ýeke-täk, suw sarp ediş taýdan iň uly şaglawukdyr.

Bu şaglawuga baryp gören Şotlandiýaly gözlegçi we syýahatçy Dawid Liwingston şa aýal Wiktoriýanyň hormatyna at dakdy. Ýerli ilat şaglawuga lozi dilindäki Mosi-oa-Tunýa (Gümmürdeýän tüsse) diýen ady beripdirler.
Wiktoriýa şaglawugy Günorta Afrikanyň esasy gözel ýerlerinden biri hasaplanylýar we ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Bu sebitiň iň irki döwürlerdäki ýaşaýjylary awçylyk we toplaýjylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Şaglawuk barada irki pikirini portugaliýaly Serpa Pinto we çehiýaly Emil Golub, Wiktoriýanyň ilkinji suratyny britaniýaly suratkeş Foma Bens çekipdir.

1905-nji ýylda bu sebitde ilkinji demir ýoly gurlanda köp kişi bu şaglawugy öz gözi bilen görüp bilipdir. Demir ýoly gurulmazdan ozal bu ýere hiç kim gelip görmedi diýsek hem bolar. Demir ýol gurlandan soň Zimbabwede turizm ösüp başlady. Şarlawukdan geçensoň derýanyň bir bölegi gaýykly gezelenç üçin ýaramlydyr. Derýanyň akymy howpsuzdyr, onda hiç hili gaýalar ýa-da beýleki howply zatlar ýok.

Metbugatda ýazylşyna görä, 2019-njy ýyldan bäri Wiktoriýa şaglawugynda guramak prosesi başlanypdyr. Onuň guramagynyň sebäbi global ýylamak bolup durýar.

Maral AHMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok