Daşoguz şäherinde täze binalaryň gurluşygy dowam edýär

Häzirki wagtda Daşoguz şäherinde 80-den gowrak desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habar berilmegine görä, her biri 32 öýli, dört gatly 2 jaýyň hem-de 16 öýli, dört gatly bir jaýyň gurluşygyny “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň işçileri alyp bardy.

Şeýle hem bu täze toplumdaky jaýlaryň 5-siniň her biri 42 öýli, 4-si 56 öýli, 3-si 84 öýli jaýlardyr. Häzirki wagtda bu desgalaryň diwaryny galdyrmak, köpüsiniň bolsa üstüni örtmek işleri alnyp barylýar.

Şäheriň gündogar çetinde 71 gektar çäkde jemi 1496 maşgala niýetlenen köp gatly jaýlaryň 70-si, Saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep gurulýar.

Dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini “Sekizýyldyz”, “Ykjam bina”, “Döwürgurluşyk”, “Körpegurluşyk”, “Merdana doganlar”, “Bagtyýarlyk ýoly” hususy kärhanalary alyp barýarlar.

Atajan HUDAÝBERDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok