“Argus Oil Products 2024. Hazar we Merkezi Aziýa bazary” atly halkara konferensiýasy geçiriler

2024-nji ýylyň 6-7-nji martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherinde “Argus Oil Products 2024. Hazar we Merkezi Aziýa bazary” atly halkara konferensiýasy geçiriler. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy habar berýär. Şeýle hem bu halkara konferensiýasyna türkmen kompaniýalarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Habar berilmegine görä, bu konferensiýa Hazar sebitiniň, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň nebit we nebit önümleri bazarlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin iri halkara nebit, söwda, ulag we logistika kompaniýalarynyň öňdebaryjy ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär.

Belläp geçsek, geçen ýyl bu konferensiýa 30 ýurduň 150 kompaniýasyndan 400-den gowrak wekiliýet gatnaşdy. Bu gezekki geçiriljek konferensiýada dünýädäki nebit we nebit önümleri bazarlarynyň täze döwri, global akymlaryň üýtgemegi, dünýädäki nebit we nebit önümleri bazaryndaky makroykdysady şertlere we senagat tendensiýalaryna syn, dünýädäki islegiň ösüşi, ýewropanyň turşy nebit bazaryndaky ösüşler we KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) görnüşiniň geljegi, Türkmenistandan we Özbegistandan nebithimiýa önümleriniň üpjün edilmegi we başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugynyň konferensiýa bölüminden hem-de Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.

Gurbannazar SAPARKULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok