Ylym – bilim ulgamyndaky ösüşler

Eziz Watanymyz, Garaşsyz Türkmenistanyň waspy dillerimiziň senasydyr. Biz ata- babalarymyzyň asyrlar boýy edip gelen ähli arzuwlarynyň eýesi bolduk. Biz Garaşsyzlygymyzy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda gazandyk. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň ýurdumyzda köp üýtgeşmeler durmuşa geçirilýär, ýurdumyz bedew bady bilen ösýär. 30 ýylyň dowamynda çalt depginler bilen ösüp, öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşuldy.

Biziň ýurdumyz Garaşsyz hem-de baky Bitarap ýurt. Bitaraplygyň, agzybirligiň, asudalygyň beýik güýçdigini belläp, biz muny durmuşda hem amala aşyrýarys. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda taryhy gysga wagtyň içinde uly ykdysady ösüşlere eýe boldy. Ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýär. Garaşsyz ýurdumyzda ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemekde, olary döwrümiziň mynasyp adamlary edip ýetişdirmekde uly aladalar edilýär. Häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün edilen ýokary okuw we orta mekdepleri, çagalar baglary halkymyzyň hyzmatyndadyr.

Obadyr şäherlerimiz, etrap merkezleri abadanlaşdyryş, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar. Durnukly durmuş-ykdysady ösüşimiz halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga uly itergi berýär.

Garaşsyzlygymyzyň nyşany hökmünde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Garaşsyzlyk binasy guruldy. Garaşsyzlyk binasy paýtagtymyzyň iň dabaraly gözelligi bolup, onuň beýikligi 118 metre ýetýär. Binanyň töwereginde Türkmenistanyň orta asyrlarda ýaşan döwlet işgärleriniň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen. Binanyň töweregindäki giň meýdanda gelşikli seýilgäh bolup, ol agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň täsin görnüşleri bilen bezelendir.

Garaşsyzlyk biziň iň uly baýlygymyzdyr. Şonuň üçin hem biz her ýylyň sentýabr aýynyň 27-nji senesinde Garaşsyzlyk baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçirýäris. Bu senede ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, dürli çykyşlar, festiwallar geçirilýär.

Begenç MUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň

I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok