Köplenç peýdanyň görkezijileri düzümine däl-de önümleriň mukdaryna, usulyna we önümleriň täzeligine baglydyr. Diňe peýdaly zatlary iýip-içmek däl-de, näçeräk mukdarda bolmagy has möhümdir. Kadadan çykma, esasan hem iýýän zadymyz naharyň täze bolmagyndadyr. Galyberse-de möhleti geçen ýa-da nädogry saklanan önümler zyýanly bolup biler.
Sagdyn däl we pes kaloriýaly gök önümler güýçli çişme görnüşinde bedene gysga möhletli zyýan ýetirip biler. Mundan başga-da uzak wagtlap diňe gök önümleri iýmek, beýleki iýmit toparynda köp iýmit maddalarynyň ýetmezçiligine sebäp bolar. Galyberse-de her topar öz ugrunda gymmatlydyr. Bir iýmit beýleki önümler bilen çalşyrylsa, bedeniň bir zady ýetmezçilik edip biler.
Bu dietada käbir önümleriň agdyklyk etmeginiň ýygy-ýygydan netijesine öwrülýär. Iýmitde giňden ýaýran tagamly bir zady iýmegi bes etmek kyn bolanda ýa-da gündizine uzak açlykdan soň sowadyjynyň we aşhana şkaflarynyň ähli iýmitlerini iýmek isläniňizde az kem olardan datmak maslahat berilýär.Birden iýmekden kesilmek hem saglyk üçin zyýanly bolup biler.
Bu diňe bir aşgazanda oňaýsyzlyk ýagdaýyny döretmän, adatça agramyň ýokarlanmagyna, we nerw ulgamyna ýokary derejede zyýan ýetirip, gahar – gazabyň döremegine sebäp bolýar. Her bir iýilýän nädogry iýmit adamyň psihikasyna täsir edip biler.
Mälim bolşy ýaly miweler witaminlere baýdyr. Olaryň köp iýilmegi saglyk üçin peýdaly hasaplanylýar. Esasan hem gündelik durmuşda alma şetdaly, beýi, ýertudana, mandarin, armyt ýaly miweler iýilmegi gan azlygynyň öňüni alýar, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar, adamyň psihikasyna hem täsiri bardyr. Şonuň üçin olary tiz-tizden iýmek maslahat berilýär. Esasan hem almany nahardan soň iýmek has peýdalydyr. Ol iýmit siňdirişi gowulaşdyrýar.
Saglyk- adama berlen iň uly baýlykdyr. Ony aýap saklamak zerur we gymmatlydyr.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň Agroekologiýa
hünäriniň I ýyl talyby.
Teswirler