“Akylly” şäher konsepsiýasynyň çäklerinde täze nesil bilermenler ýetişer

Bagtyýar zamanada Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýetilýän oňyn sepgitler, belent maksatly menziller köňülleri ganatlandyrýar, döwrümizi nurlandyrýar. Her bir gazanylýan üstünlikler döwletlilikden, bagtyýarlykdan habar berýär. Ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine bu günki gün tutuş dünýä ýüzi haýrana. Täze taryhy döwürde kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Binagärlik-şähergurluşyk işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Onuň çäklerinde adamlaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap şäherler, obalar gurulýar, ähli ýerlerde sanly ulgamlar, “akylly” tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Baky bagtyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy, onuň ähli amatlyklary özünde jemleýän gurşawy göreni haýran edýär. Aýratyn hukuk derejesine — döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheri sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap şäherdir. Bu şäher sanly we “akylly” tehnologiýalaryň merkezi bolmak bilen, türkmen döwletiniň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, onuň ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň görkezijisidir.

Bu şäheriň gurluşygyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga berilmegi has hem buýsandyryjydyr.

Bagtyýar raýatlarymyzyň rahat ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyny alamatlandyrýar. Şäherde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalar halkyň hyzmatyna berildi. Hut şoňa görä-de, bu ägirt uly taslamanyň ýurdumyz üçin ähmiýeti we ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmek, “akylly” şäher konsepsiýasyny işjeň ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri uludyr.

“Akylly” şäher konsepsiýasy özünde öňdebaryjy, innowasion usullary hem-de tehniki ösüşiň oňyn çözgütlerini birleşdirýär. Geljegiň şäheri diýip atlandyrmaga doly esas döredýän Arkadag şäheriniň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde ata Watanymyzyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. “Akylly” şäherde ulanylýan döwrebap tehnologiýalary hemmetaraplaýyn ulanmagyň zerurdygy äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, kompýuter we innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge, bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga, beden, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär.

Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw mekdeplerinde bilimli, ýokary aň-düşünjeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilen. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny we “akylly” ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigi bellärliklidir.

Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu işler Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant bolup hyzmat edýär.

Döwletmyrat HÜSEÝNOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok