Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz, bimöçber aladalary netijesinde milli däp dessurlarymyz, dana pederimizden asyrlar aşyp gelen döwletlilik ýörelgelerimiz giňden dabaralanýar. Pederlerimizden miras galan döwletlilik ýörelgelerimiz giden bir dünýä. Ol dünýä aralaşdygyňça gözýetimiň giňeýär. Milli Liderimiz Garahryman Arkadagymyzyň päk yhlasy siňen ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde türkmen ýaşlary üçin eýermeli we nusga almaly, berjaý etmeli ýol-ýörelgeler näçe diýseň bar. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň iň naýbaşylarynyň biri bolan watana wepaly bolmak, gerek bolsa ony şirin janyndan geçip goramak baradaky aýratynlyga ünsi çekmek ýerlikli bolar. Dünýäde hiç zat bilen deňeşdirmek, hiç zat bilen çalyşyp bolmajak mukaddes zatlar bar. Olar seni dünýä indiren ene-ataň, seniň doglan we önüp ösen, kemala gelen ýeriň mukaddes watanyňdyr, ene topragyňdyr. Atalaryň perişde nazary siňen, eneleriň yürek mähri, hüwdisi siňen Watany heýem özge toprak bilen deňeşdirip bolarmy?!
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen ,,Paýhas çeşmesi” kitabynda ,,Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölýänçä aglar” diýen nakyl bar. Pederlerimiz bu nakylyň manysyny ýaryňy ýitirmek – ýaryňy ýitirmek, watanyňy ýitirmek baryňy ýitirmek diýip aýtýalar. Bir danadan: ,,Dünýäde adam üçin ömürden gymmat zat barmy?!” diýip sorapdyrlar. Ol şeýle jogap beripdir: “Olar üç sany: ynam, söýgi, hem Watan.” Mähriban watandan aňyrda hiç zat ýokdur. Watanyň şan- şöhradynyň, Garaşsyzlygynyň, asudalygynyň, parahatlygynyň hatyrasyna pederlerimiz öz şirin janyndan geçipdirler we bize şu uç gyraksyz aňyrsyna bärsine göz ýetmeýän beýik watanymyzy miras goýupdyrlar. Her bir halk özboluşly bir aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Biziň türkmen halkymyz bolsa myhmansöýerligi, asudalygy, parahatsöýerligi bilen tapawutlanýar. Mähriban ata watanymyz dana pederlerimiz taryhyň ähli döwründe mydama asudalygy arzuwlap, parahatçylygyň tarapynda çykyş edipdir. Bu asylly ýörelgeler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan häzir hem dowam etdirilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlardan tamasy gaty uly. Gahryman Arkadagymyzyň tamasyny ödemek, pederlerimize mynasyp nesiller bolup ýetişmek bolsa biz üçin parz. Munuň üçin bolsa biz, ýaş nesiller öz halkymyzyň taryhyny, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen döwletililik ýörelgelerini ýüreklerimize ornaşdyrmalydyrys.
Baýram GURBANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler