Garaşsyzlyk — halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn ösüşler bilen barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işler amal edilýär. Merdana halkymyzyň başynyň täji, arzyly gymmatlygy bolan mukaddes Garaşsyzlyk umumy ykrar edilen mizemez ýörelgedir. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasydyr. Garaşsyz döwlet bolmaklyk ykbalyňy erkin kesgitlemegi alamatlandyrýar.

Döwlet özygtyýarlylygymyzyň milli ýörelgeleri Konstitusiýamyzda hem öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, 32 ýyl mundan ozal erkinligi, özygtyýarlygy baýdak edinen halkymyz bu gün döwletli döwranda bagtyýar ýaşaýar. Berkarar döwlet bolmak, erkin ýaşamak baradaky halkymyzyň arzuw-islegleri Garaşsyz döwletimizde wysal tapdy.

Garaşsyzlyk – döwletimize hem halkymyza özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny berdi. Garaşsyzlygyna eýe bolup galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, at-abraýy beýgelen eziz halkymyzyň bu goşa gymmatlygy belent mertebedir. Milli Liderimiziň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasaty täze belentliklere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy döwletimiziň täze taryhyny esaslandyrmak bilen, halkymyzyň jebisligini, jemgyýetimiziň asudalygyny we ýurdumyzyň berkararlygyny gazanmagyň iň ygtybarly serişdesi bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleriniň hözirini görüp abadan durmuşda ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler ýurdumyzyň döwrebap özgermeginde, ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde, milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň sarpalanmagynda aýdyň şöhlelenýär. Garaşsyzlyk – bagtyýar halkymyzy bir supranyň başyna jemleýän özboluşly gymmatlyk. Garaşsyzlyk – beýik pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen döwletliligini berkarar etmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň ýol açdy.

Halkymyzyň milli buýsanjyna, döwletliligiň esasy alamatyna öwrülen beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy gutly bolsun! Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Enejan ÖWLÝAKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
I ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok