Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan etdi. Şondan bäri bu sene Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär.
Türkmenistan – demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çyklaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstutisiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekede eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuknamalary ýuridiki güýje eýe däldir. Halk Türkmenistanyň döwlet häkimýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.
Garaşsyzlyk güni – biziň baş baýramymyzdyr. Özygtyýarly Türkmen döwletiniň dörändigini pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragynyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşmagyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar.
Halkymyz bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurulýan we gurlup ulanylmaga berlen desgalar sanardan kän. Olar Watanymyzyň kuwwatyna kuwwat goşýar. Elbetde, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri birin-birin sanap gutarar ýaly däl. Gurulýan belent-belent ymaratlary we demir ýollary, täze-täze obalary, özgerýän şäherleri, ulanylmaga berilýan senagat kärhanalary, medeni ojaklary, saglyk edaralaryny sanasaň sogaby bar.
Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratly, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportyň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmunde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan gatnaşyklaryna uly tejribe toplady.
Garaşsyzlyk baky bagtymyzdyr! Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz bu ýyl hem Garaşsyzlyk baýramyny uly dabara bilen toýlaýar, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar’’ ýylynda toýlar toýa ulaşsyn, baýramyňyz gutly mübärek bolsun!
Ýusup BAÝRAMGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Sanly dolandyryş taýýarlyk
ugrynyň II ýyl talyby.
Teswirler