Beýik Garaşsyzlyk – şöhrat şanymyz

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşleriň, belent özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamynda gazanylýan üstünlikleri öňegidişliklere badalga berýär.

Şöhratly taryhymyza ser salanyňda, Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň syýasy hem ykdysady, ruhy binýatlary kemala geldi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden parahatçylygyň, jebisligiň we milli demokratik ýörelgeleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde öňe sürülmegi döwletiň ykdysady-syýasy ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere ýetmeginde möhüm ädim boldy. Sözüň doly manysynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary ýurtlar bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine özüni tanatdy.

Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen asylly maksatlaryň durmuşa geçirilmegi, şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwletimiziň daşary syýasy we ykdysady strategiýasy bilen utgaşykly alnyp barylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Taryh üçin gysga bolan 32 ýylyň içinde dünýä giňişliginde ählumumy ösüşi üpjün etmek babatda, ýangyç-energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleri, dokma, gurluşyk pudagy, daşky gurşawy goramak, we medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak hem dikeltmek, ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda netijeli başlangyçlar öňe sürüldi. Ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly döwlet hökmünde häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, birnäçe abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen, işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi Türkmenistanyň köptaraplaýyn, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygynyň barha ýaýbaňlanýandygyny aýdyň görkezýär. Eziz ýurdumyzyň milli ösüş nusgasy giň gerimli halkara gatnaşyklary bilen sazlaşykly utgaşýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň asyrlarboýy köňlünde beslän arzuw-umytlarynyň wysal bolmagydyr. Garaşsyzlyk – köňülleriň galkynmasy, al-asmana ganat açmasydyr. Garaşsyzlyk – erkinlik hem parahatlyk mukamydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: “Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy” diýip, uly buýsanç bilen bellemegi her bir türkmen raýatynyň kalbyny çäksiz guwanja besleýär.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyny giň¬den dabaralandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler görülýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň erkinligini şertlendirýän möhüm waka. Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramyny üstünlikli garşylamak, has-da dabaralandyrmak üçin türkmen halkymyz yhlasly zähmet çekýärler, döredýärler hem gurýarlar. Okgunly ösüşiň, baky bagtyýarlygyň ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine sary barýan ata Watanymyz başymyzyň täjidir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige ýetmesidir, türkmen ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan beýik işleriň her biri asyrlara barabar möhüm taryhy wakadyr. Garaşsyzlyk – beýik pederleriň arzuwlany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna berkarar hem galkynyşly zamanasyna buýsanýar. Ata Watanymyzyň berkararlygyny, gülläp ösüşini üpjün etmek babatda uly işleri ýola goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň müdiri.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok