«Baýramaly» şypahanasy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. Şypahana 1933-nji ýylda açyldy, 2010-njy ýylda şypahananyň birnäçe binalarynyň durky düýpli täzelendi we dünýä ülňülerine laýyk gelýän, hersi 250 adama niýetlenen 2 sany täze bina ulanylmaga berildi. Şypahananyň bir wagtyň özünde 800 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bar. Ol diňe bir ýurdumyzda belli bolman, eýsem, daşary ýurtlarda hem meşhurdyr.
Şypahana täsin tebigy we geografik aýratynlygy, amatly ýerleşişi we suwunyň bejeriş aýratynlygy bijen tapawutlanýar. Demirgazyk giňişliginiň 62 °C, gündogar uzaklygynyň 37-40 °C aralygynda deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşen Baýramalynyň çäginde Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüş ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Bu ýerde ýaz, tomus, güýz aýlary bejergi almak has hem peýdalydyr. Aeroterapiýa (howa bilen bejeriş), gelioterapiýa (Gün şöhlesi bilen bejeriş) bejergileri şypahananyň netijeli aýratynlygydyr.
Şypahanada birnäçe bölüm bolup, bu ýerde raýatlara göwnejaý dynç almak, saglygyny dikeltmek üçin giň hyzmatlar toplumy hödürlenilýär. Anyklaýyş bölümi dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Bejeriş bölüminde türgenleşik zalynda bedenterbiýe maşklary, ruhy bejergi, iňňe sançmak arkaly bejergi, beden owkalaýyş, melhem ýapgylar, şöhle we ýagtylyk arkaly bejergiler, berhiz bejergisi we dürli erginli bejeriş wannalary geçirilýär. Şypahanada halkymyzyň iň gadymy bejeriş usullary bolan türkmen çölüniň çägesiniň bejeriş täsiri öwrenilip, psammoterapiýa bejergisi we onuň birnäçe görnüşleri ornaşdyrylan. Şypahanada böwrek we peşew çykaryş ýollarynyň, ýürek, gan-damar ulgamynyň, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, hususan-da, ýiti glomerulonefridiň 8 aýdan soňky galyndy ýagdaýlary, dowamly diffuz glomerulonefrit (gipertoniki görnüşi, peşew alamatly görnüşi, gematuriýaly görnüşi), dowamly nefrit, dowamly piýelonefritiň remissjýa döwri, ýüregiň işemiýa keseliniň I-II funksional toparlary, essensial arterial gipertoniýa keseli (I-II dereje), simptomatik gipertoniýalar, miokardyň ýiti infarktyndan soňky ýagdaý (6 aýdan soň), aterosklerozly kardioskleroz keselleri bejerilýär.
Daýanç TÜWELEEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler