Ýaşlar — Watanymyzyň güýç-kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz  ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň ösen häzirkizaman jemgyýeti bilen aýakdaş gitmegi, bu babatda ähli ulgamlar boýunça döwrüň ösen talaplaryndan baş çykarýan dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryndan habarly bolan tejribeli hünärmenleri ýetişdirmek, kompýuter tehnologiýalarynyň innowasion gazananlaryny halkymyz üçin elýeterli etmek barada uly tagallalary edýär. Hut şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň körpe  raýatlaryndan başlap,  ähli ýaşdaky ildeşlerimiz hakynda yzygiderli aladalanýar.  Munuň şeýledigini her ýyl birinji synpa barýan körpelerimize noutbuklaryň  sowgat berilmeginiň indi asylly däbe öwrülendiginiň  mysalynda hem görkezmek bolar. Ýaşlarymyz hakynda aýdylanda bolsa oba-kentlerimizde gurulýan bilim edaralary iň häzirkizaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Edara kärhanalarymyz  hem maddy-enjamlaýyn üpjünçilik babatda  häzirkizaman ylmynyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe çalt depginler bilen ornaşdyrylmagy halkara bazar giňişliginde ýurdumyzyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem, ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine hem döwrebap itergi berer.

Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýa, oba hojalygy, maliýe-bank ulgamynda we beýleki pudaklaýyn ugurlarda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar.

Ysmaýyl WEÝISOW,
Türkmen döwlet binägärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok