Ýurdumyzda pagta hasyly üstünlikli ýygnalýar

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 9-njy sentýabrda Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Daşoguz welaýatynda bolsa howa we toprak şertlerine görä bu möhüm işe 15-nji sentýabrda başlanar.

Täze möwsüme uly toý dabarlary bilen badalga berildi. Zähmetkeş baba daýhanlarymyz pagta ýygymyna toý ruhunda başladylar. Bu jogapkärli işe girişmezden ozal ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we daýhan hojalyklarynda usuly maslahatlar geçirildi.

Maslahatda “ak altyna” deňelýän gowaça hasylyny ýitgisiz, ýokary hasylly ösdürmek we bereketli harmanlara guramaçylykly getirmek dogrusynda pikir alyşmalar hem-de gürrüňler edildi. Şeýle-de hasyly daşamakda, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek barada düşündiriş işleri geçirildi.

Maslahatlaryň ahyrynda, oňa gatnaşan ýurdumyzyň dürli künjegindäki tejribeli daýhanlar däp boluşy ýaly, hormatly ýaşulylaryň “Bismillasy” bilen gowaça meýdanlarynda bu döwletli işe girişdiler.

Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň pagtaçylary üstümizdäki ýyl 135 müň gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylynyň 280 müň tonnasyny Watan harmanyna tabşyrmagy öz öňlerinde maksat edinýärler.

Şeýle-de Lebap welaýatynyň daýhanlary 130 müň gektar ýerden 320 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny almagy meýilleşdirýärler.

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem 13 müň gektar meýdanda ösdürilýän gowaçadan 16 müň tonna pagta hasylyny bermeklige garaşylýar.

Mary welaýatynda bolsa “ak altynyň” 162 müň gektary ösdürilip ýetişdirilýär.

Welaýatlaryň pagta hasylyny kabul ediş harmanhanalarynda gowaçanyň bol hasyly bökdençsiz kabul edildi. Üsütnlikli ýygnalan pagta hasylyň ilkinji tonnalary kabul ediş nokatlaryna eltildi.

Merjen NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok