Halkara maslahata we sergä taýýarlyk dowam edýär

Paýtagtymyz Aşgabatda 2023-nji ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» (OGT–2023) halkara maslahata we sergä taýýarlyk dowam edýär.

Häzirki wagtda maslahata 20 ýurtdan 150-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Maslahatda Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumyndaky täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Bu taslamalar ägirt uly «Galkynyş» gaz känini işlemegiň mundan beýläkki tapgyrlaryny, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, taba gelen ýataklarda nebit we gaz çykarylyşynyň iň amatly ýoluny ulanmagy, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýalpaklaryny peýdalanmagy, şeýle hem gaýtadan dikeldip bolýan energetika taslamalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, uglewodorod baýlyklaryny çykarmagyň we metan zyňyndylaryny azaltmagyň ekologiki jähetlerine aýratyn üns berler.

Maslahatyň çäginde halkara sergi hem guralar. Oňa 60-dan gowrak nebit-gaz we hyzmat kärhanlary gatnaşar. Olar «Dragon Oil», «CNPC», «Petronas», «PEL», «Honhua», «Rosen Group», «Sumitomo», «Yug-Neftegaz», «Tatneft», «ENI», «Renesans», «Schlumberger», «Transneft», «Interpipe», «Kamaz» we başgalardyr.

«Dragon Oil», «CNPC», «PEL Limited», «Baker Hughes», «Yug-Neftegaz», «Hyundai Engineering», «Mitro International», «ENI», «Schlumberger» şereketleri OGT-2023-e hemaýatkär boljakdyklaryny tassykladylar.

Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz, bank, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum mümkinçiliklerini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar guralar. Maslahat adaty we onlaýn görnüşde geçiriler.

Isgender ABDYLLAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok