Bilimli nesil — döwletiň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde taryhy wakalara beslenýär. Diýarymyzda halkymyzyň, bagtyýar ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip belleýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar.

Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, sanly tehnologiýalary özleşdirmeginde ýokary netije berýär.

Eziz Diýarymyzda okamak, döretmek, öwrenmek, zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

Mekan BALLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok