Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25-27-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahat geçiriler.
Bu halkara maslahatyna jemi dünýäniň 20 ýurdundan 150-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryny öz içine alýan täze maýa goýum taslamalary hödürlener. Maslahatyň çäginde 60-dan gowrak nebit-gaz we hyzmat beriji kompaniýalaryň gatnaşmagynda halkara sergi gurnalar. “Dragon Oil”, CNPC, “Petronas”, PEL, “Honhua”, “Rosen Group”, “Sumitomo”, “Yug-Neftegaz”, “Tatneft”, ENI, “Rönesans”, “Schlumberger”, Transneft”, “Interpaýp”, KAMAZ ýaly birnäçe kompaniýalar OGT-2023 halkara maslahatynyň çäginde geçiriljek sergä gatnaşarlar.
Şu ýyl geçiriljek “OGT-2023 EXPO” sergisinde aýratyn meýdança döredilip, onda kompaniýalar öz önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyryp bilerler. Sergi meýdançasynda geçiriljek çykyşlar geljekki hyzmatdaşlaryň täze maýa goýum taslamalary barada habardarlyk derejesini ýokarlandyrar hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder.
Mundan başga-da maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz, bank, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar gurnalar.
Şeýle hem bu barada giňişleýin Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Begençmuhammet TAGANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler