Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy geçirmeginde çuňňur many bar. Gahryman Arkadagymyz umumy sapagyndaky çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna beren ajaýyp eşretleri, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmekdäki wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de beýleki ulgamlarda öňde durýan işler dogrusynda giňişleýin beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwletimiz Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Hemişe nygtaýşym ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip belent at berdik» diýen buýsançly sözleri umumy sapaga gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri — bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti» diýlip atlandyrylan 2-nji mowzugy boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsançly çykyşlarynyň giň seslenmä eýe bolandygyny şu pursatda uly buýsanç bilen ýatlasyň gelýär. Çünki bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýän, Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän, ýurdumyzy dünýä tanadan, ýaşlaryň juwan kalbynda baky orun tutan Gahryman Arkadagymyzyň täzeçillige beslenen her bir tutumy, manyly ömür ýoly bu gün ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersitetine öwrüldi.
Ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Toýly ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler