- Çagalaryň islendik gyzyklanmasyny ylym-bilim bilen baglanyşdyrmaly.
Çagalara halaýan oýunlaryna ylmy nukdaýnazardan seretmäge kömek ediň. Nahar bişirmek- bu hakyky himiýa. Fizika ylmyny bilmezden dizaýn döretmek asla mümkin däl. Çagalar kebelek tutmak, tokaýdaky garaguşlary görmek, gülleri ýolmak bilen meşgul ýa-da gyzyklanýan bolsa olara biologiýany öwrediň. Tebigat ylymlary bizi gurşap alýar, durmuşdaky ähli prosesler olaryň üstünde gurlandyr.
- Diňe mekdep programmasynyň üstünde işlemek ýalňyşdyr.
Gynansak-da käbir mekdep programmalary ýaş okuwçylar üçin çylşyrymly we düşnüksiz bolup durýar. Mekdep döwründe okuwyň daşyndan gyzykly gezelençlere alyp gitmek maslahat berilýär. Meselem muzeýlere ,seýil baglaryna alyp gitmeklik olaryň aňynyň durlanmagyna itergi berýär.
- Kompýuter tehnologiýalary we internet maglumatlary bu babatda peýdalydyr.
Çagalar gyzykly wideo sapaklaryny görenden soň edip biljek işleri we özüne bolan ynamy has hem güýçlenýär. Ýöne internet ulgamynda käbir oýunlar çagalaryň aňy üçin zyýanly bolup biler.
- Teoriýany iş ýüzünde ulanmak.
Meselem aýdylýan ösümlikdir haýwanlary diňe kagyz ýüzünde däl-de tebigatda görmegi, surat sapaklarynda diňe suratyny çyzmak bilen meşgullanmak däl, eýsem kartondan olaryň heýkellerini ýasap öwrenmegi olaryň bilim derejesini artdyrýar. Kagyz ýüzünde aýdylan zatlar däl-de gözi bilen gören zatlaryny çaga ýadynda çalt saklaýar. Şonuň üçin nazaryýet bilimlerini amalyýetde ulanmak has peýdaly hasaplanýar. Bilimiň özi gymmatly, ýöne ony dogry ulanyp bilmek has möhümdir.
- ,,Aňlama” saýtlary bilen onlaýn meşgullanmak.
Ol çagalara harplary öwrenmäge, okamaga, ýumuşlary çözmäge daş töweregiň esasyny düzüjileri bilen tanyşmaga kömek edýär. Ondan başga-da daşary ýurt dillerini ýeňillik bilen öwrenmäge hem öz goşandyny goşýar.
Arazbibi TÄÇMEDOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.
Teswirler