Türkiýede logistika ulgamy boýunça halkara forum geçiriler

13-14-nji sebtýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde logistika boýunça halkara forum geçiriler. Bu barada “Anadolu” agentligi habar berdi.

Halkara forumyň esasy maksada hyzmatdaşlygy ösdürmäge, berkitmäge, global üpjünçilik zynjyrlarynyň netijeliligini, dowamlylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesinde we Günorta geçelgesinde multimodal ulag ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Bu foruma Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agza ýurtlarynda ulag pudagynda iş alyp barýan guramalaryň, gulluklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Belläp geçsek, multimodal ýük daşamalary we logistika boýunça halkara forum konstruktiw diskussiýalar, tejribe alyşmak we ulag geçelgelerini ösdürmekde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmak üçin giň meýdança bolmagy maksat edinýär.

Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.

Baýramguly ORAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok