Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylygynyň uludan bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň gurluşygyna ak pata bermegi ähli mugallymlarymyzdyr talyplarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza institutymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan bu şanly waka mynasybetli hem-de okamaga, öwrenmäge, kämil derejeli hünärmenler bolup ýetişmäge döredilýän ajaýyp şertler üçin ähli mugallymlarymyzyň, talyplarymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi, elbetde, mugallymlarymyzyň, talyplarymyzyň bilimler ummanyndaky jogapkärçiliginiň has-da ýokarlanýandygyny şertlendirýär.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda sazlaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ajaýyp şertleri emele getirýär. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, halkymyzyň eşretli we şöhratly geljegi, ylymly-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesi esasy orunda durýar. Çünki ylym-bilim ynsanyň dünýägaraýşyny ösdürýär, kuwwatyny artdyrýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bir bitewülige öwrülip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň yzygiderli ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen hil taýdan täze derejä çykarylan bilim ulgamy ýurdumyzyň şöhratly geljegini üpjün etmegiň ygtybarly ýoluny kemala getirip, bilimleriň, tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň işjeň dolanyşygy boýunça täze ugry esaslandyrdy. Ylym hem-de bilim ulgamynda amal edilýän beýik işleriň ählisi dünýä derejesinde täzeçe pikirlenýän, bilimli, döredijilikli zähmete ukyply we geljege uly ynamy bolan, beden hem ruhy taýdan sagdyn, ata Watanymyza wepaly ýaşlaryň kemala getirilmegini üpjün etdi.
Mäti PENDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler