Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly ösüşleri bilen batlanýan diýarymyzda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, halkymyzyň bagtyýarlygyny hem abadan ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bagly işlere uly orun berilýär.
Şular bilen birlikde, oba hojalygynda alnyp barylýan işlere hem uly üns berlip, möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýagdaýda alnyp barylýar, häzirki wagtda welaýatlarymyzda bugdaý ekişi ýokary depginde dowam edip, oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.
Gowaçanyň bol hasylyny ýygnamak babatda irginsiz işler ýola goýulýar. Edermen daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi üçin mundan beýläk-de döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýär. Çünki Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry ýerine ýetirilmegini hemişe nygtaýar. Mundan başga-da döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly alada bilen gurşalýar.
Diýarymyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda görülýän çäreler, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, elektroenergetika, deňiz we derýa ulaglary pudaklary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler oňyn häsiýete eýe bolýar.
Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek işlerini işjeňleşdirmek, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek babatda ýola goýulýan çäreleri yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanylýar. Çünki tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar, seýilgähler we beýleki köp sanly desgalar ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasy bolup çykyş edýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaş nesliň kämil hünärli bolmagy, sagdyn hem ösen düşünjeli bolup kemala gelmegi babatda amal edilýär başlangyçlar göwünleri ganatlandyrýar.
Umuman, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan barha gülläp ösmegine, ylmy-tehniki ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary döwrümiziň badyna bat goşýar!
Gowşut NURMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy
hünäriniň V ýyl talyby.
Teswirler