Magtymguly diýip adym tutsalar…

Geçmişe ser salanymyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň egsilmez hazynadygyna düşünýärsiň. Taryhyň merjen nury siňen mukaddes topragymyzda ýaşan pederlerimiz adamzat nesli üçin şamçyrag bolup biljek gymmatly mirasy galdyrypdyrlar. Akyldar ata-babalarymyzyň ýazan ylmy we edebi eserleriniň ýyl geçdigiçe has-da gymmatynyň artýandygyna nesiller şaýat. Şol danalarymyzyň döreden eserleri nesiller üçin terbiýeçilik mekdepdir. Adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran şeýle akyldarlaryň biri hem türkmen halkynyň beýik şahyry, pelsepeçi Magtymguly Pyragydyr.

Magtymgulynyň döredijiligine dünýä alymlary ýokary baha beripdirler. Professor Ý. E. Bertels: “Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda, täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bolup lowurdaýar” diýip, şahyryň eserlerine ýokary baha beripdir.

Dünýä edebiýatynda görnükli yz galdyran beýik şahyryň keşbi ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk görnüşinde ebedileşdirildi. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolynyň ugrunda 1971-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň heýkel ýadygärligi goýuldy. Onuň awtory W. Popowdyr. Heýkeltaraş bu işinde şahyryň döredijiligini doly öwrenip, onuň psihologiýasyny şahyryň keşbinde bermegi başarypdyr.

Bu heýkel ýanyna baryp synlasaň, bir topar harsaň daşlaryň arasyny böwsüp, şahyr howalanyp oturan ýalydyr. Oňa seretseň, onuň ýöne bir çal daşdan ýasalan adam keşbidigini görýärsiň. Emma seretdigiňçe ondan aýrylyp bolanok. Oňa siňe seretseň şahyr älemiň agyr derdini ýük edinip, içini hümledip oturana meňzeýär. Onuň pyşyrdap okaýan şygyrlary gulagyňa eşdilip durandyr. Şeýle gudraty döretmek üçin heýkeltaraş janly hakykaty gowy bilmeli, oňa çuňdan düşünmegi başarmaly. Munuň näderejede aňsat iş däldigi hakda beýik nemes filosofy Gegel ine şeýle diýýär: “suratkeş diňe bir öz töweregindäki dünýäde köp zady görmelidigi we onuň daşky hem içki hadysalary bilen tanyş bolmalydygy bilen çäklenmän, eýsem köp we beýik zatlar onuň hut öz akyl-paýhasyndan, hut öz gursagyndan geçmelidir, onuň öz ýüregine çuň aralaşyp, ony tolgundyrmalydyr, suratkeşiň özi ýaşaýşyň hakyky çuňluklaryny anyk keşplerde açyp görkezmäge ukyply bolmakdan öňürti köp zady öz egni bilen çekip, öz başyndan geçirmelidir”. Ine, şeýle bolanda suratkeş öz döredýän keşbini has dogry, has manyly, has hereketli döredip biler.


2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-ne açylan Garaşsyzlyk binasynda halkymyzyň ruhy sütüni bolan Magtymgulynyň monumental ýadygärligi dikeldildi. Türkmeniň beýik şahyry, dilçi, alym, pelsepeçi Magtymguly Pyragynyň bu ýadygärliginiň awtorlary Babasary Annamyradow, Nurmuhammet Ataýew, Saragt Babaýew, Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyr. Magtymgulynyň dana sypatda taraşlanan şekili heýkeltaraşlarymyz tarapyndan heýkel taslamasy yzygiderli beýan edilip, ol çuň mazmun bilen baýlaşdyrylypdyr. Eser çeperçilik dili boýunça mazmunly, syraty deňölçegli, durnukly berlipdir.

Magtymgulynyň ruhy keşbiniň esasy aýratynlygy onuň içki dünýäsiniň dutaryň kirşi ýaly inçe duýgularyny edil ýüz keşbinde, hereketinde berilmegidir. Heýkeltaraşlar keşbi çözmekde çylşyrymly maksady öňlerinde goýupdyrlar. Olar çeper serişdeleriň üsti bilen Magtymgulynyň beýik keşbini taraşlapdyrlar. Çünki Magtymgulynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrüldi. Şahyr hemişe il-ýurduň bähbitleriniň goragynda bolupdyr. Onuň döredijiliginde gozgan watançylyk, dostluk, agzybirlik, gumanizm – ynsanperwerlik pikirleri, sosial, ahlak, etiki, estetiki meseleleri henize, bu güne çenli köpçüligiň ünsüni özüne çekip gelýär. Ol öz döredijiliginde döwrüň ähli taraplaryna seslenipdir.

Şonuň üçin türkmen halkynyň belli ýazyjysy Berdi Kerbabaýew beýik şahyrymyz Magtymguly barada şeýle jaýdar sözleri aýdyp gidipdir: “Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňraky geljeklere altyn fond galdyrdy”.


Şahyryň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem monumental heýkeli bina edilýär. Onuň awtory Saragt Babaýewdir. Şahyryň bu heýkeli oturan görnüşde şekillendirilipdir. Şahyr iki elini bir aýagynyň daşyna dolap, pikir ummanyna çümüp otyr. Magtymgulynyň ýüz keşbinde döwrüň hasraty ýatyr. Onuň bu ýadygärligine seredeniňde şahyr bir pursatlyk gaýga gark bolup, döwrüň kynçylyklaryndan nähili çykmaly diýen pikiri orta atyp, ondan çykalga gözleýän ýaly görünýär. Şahyryň bu keşbindäki elleriniň hereketi has-da tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Onuň iki elini dyzynyň daşyndan aýlap, gol-gola berip oturmasy, agzybirlikden, jebislikden nyşandyr. Çünki şahyryň şygyrlaryny okanyňda, onuň esasy öňe süren ideýalary hem watançylyk, agzybirlik, jebislik hakyndadygyna göz ýetirýärsiň. Sebäbi şahyr watansyz, il-günsüz ýaşaýşy asla göz öňüne hem getirip bilmändir. Watana bolan çäksiz söýgi, agzybirlik şahyryň şygryýetinde belent owaz bilen ýaňlanýar:

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Şeýle gyzgyn mähir bilen ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly gözel durmuşda ýaşamagyny, işleriniň rowaçlanmagyny, ýaýlalarynyň reňbe-reň gül açyp, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny arzuw eden şahyryň keşbini şekillendiripdir.


Türkmen halkynyň progressiw pikirli beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkel ýadygärligi diňe Türkmenistanyň çäklerinde bina edilmän, eýsem, Russiýanyň Astrahan şäherinde, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, Türkiýe Respublikasynda hem dikeldildi.


Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň döredijiligini häzir dünýä halklary öwrenýär. Onuň heýkel ýadygärligi hem birnäçe ýurtlarda bina edildi. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň hem türkmen şahyryna bolan söýgüsiniň ulydygyny görkezýär. Magtymgulynyň bina edilen heýkel ýadygärlikleri bolsa ýaş neslimizde watançylyk, agzybirlik, jebislik ruhuny terbiýelemekde ähmiýetlidir.

Orazgözel UTOMYŞEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok