Köňüllere uly buýsanç paýlan taryhy waka

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan ähli babatda döwrebap ösüşler bilen kuwwatlanýar, mähriban halkymyz abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar ýurdumyzyň nurana geljegini, hemmetaraplaýyn ösüşini dabaralandyrýar. Ynha ýaňy ýakynda hem, has takygy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ak bagtyň hem bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleri, bagtyýar talyplary, mekdep okuwçylaryny bir ýere jemlän bu taryhy waka göwünlere nur çaýdy. Hormatly Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda eziz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan işler, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler, halkymyzyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklarymyz, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdi. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Bilimler baýramynyň bu ajaýyp dabaralary Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik döwrüne we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkidýär. Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpelerimiz, okuwçy hem-de talyp ýaşlarymyz ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyzyň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi. Goý, döwletli Diýarymyzda hemişe toý-baýramlarymyzyň owazy dünýä ýaň salsyn diýip, Mähriban Arkadagymyz buýsanç bilen nygtady. Şeýle-de Gagryman Arkadagymyz öz çykyşynda nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Şeýdaýynyň döredijiliginiň türkmen halky we tutuş adamzat üçin belli bahasy ýokdur, akyldar şahyrymyz dana Pyragy ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edipdir diýip belledi.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň we berkararlygymyzyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, biz 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip belent at berdik. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bardygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini öz çykyşynda nygtady. Çünki dana pederlerimiziň nusgalyk ýoluny, watansöýüjilik ruhuny, durmuş ýörelgelerini, milli däplerini, asylly häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän bagtyýar ýaşlar berkarar döwletimiziň ýagty ertiridir, nurana geljegidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşy ýatdan çykmajak möhüm waka hökmünde biziň kalbymyza çäksiz buýsanç paýlady, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy. Milli Liderimiziň gymmatly nesihatlary, döwletli maslahatlary, nusgalyk ömür ýoly biz üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir, ýolumyza şamçyragdyr. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym dünýäsinde uly üstünlikleri gazanmagy, zehinini, ukyp-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary rowaçlyklar bilen batlansyn!

Aýbibi KUTLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok