Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe önjeýli zähmet çekýän ýaş suratkeşleri hem ajaýyp sähralarydyr-düzlerini, baglarydyr-daglaryny, deňizdir-derýalaryny, al-elwan güllerini şahyranalyk bilen wasp etmäge çalyşýarlar. Gözel tebigatyň jadyly dünýäsini açyp görkezýän, dürli reňkleriň üsti bilen ýürek joşgunyny beýan edýän ýaş nakgaşlaryň biri hem Gülşat Annamyradowadyr.
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde erkin suratkeş Gülşat Annamyradowanyň döredijilik sergisi açyldy.

Özüniň yhlasy we zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, ýaş nakgaş Gülşat Annamyradowanyň döredijiligi özboluşly gözellige göz ýetirmäge ýardam edýär. Gülşadyň surat çekmeklige bolan höwesi başlangyç synplarda okaýan döwründen başlandy. Onuň ejesi ony ekiz taýy Şemşat bilen bilelikde orta mekdebindäki surat gurnaklaryna gatnaşdyrýardy. 2003–2007-nji ýyllarda ol Ahal welaýatynyň Nury Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde Altyn Çaryýewanyň halypaçylygynda nakgaşlyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrendi.
2009–2015-nji ýyllarda bolsa ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmenleriň miniatýura nakgaşçylygy hünäri boýunça okap, Annamämmet Hojanyýazow, Merdan Nurmedow, Aşyrmuhammet Kulyýew ýaly halypalaryň elinde bilim alypdyr. 2015-nji ýylda Aşyrmuhammet Kulyýewiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen “Bagt toýy” atly diplom işini üstünlikli goraýar.
Nakgaş we surat mugallymy kärine eýe bolan Gülşat ilkinji iş tejribesini Ahal welaýatynyň Nury Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde başlap, okuwçylara galam bilen surat çekmäge, reňk gatnaşyklaryň özboluşlylygyna göz ýetirmäge, taslamany düzmegi öwretdi.
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde geçirilen döwlet derejesindäki sergilere işjeň gatnaşýan ýaş suratkeş 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Gülşat Annamyradowanyň döredijiliginde realizm akymynyň, gündogar miniatýurasynyň, moderniň täsiri duýulýar. Onuň ähli eserlerinde türkmen tebigatynyň aýdyň hakykaty görkezilen.
Ýaş nakgaşyň peýzažlarynda türkmen tebigatynyň iň täsin gözelligini özünde jemleýän Garagum sährasy nakgaşyň döredijiliginde esasy orun tutýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynda doglan suratkeş çagalykdan bäri özüni gurşap alan Garagumyň tebigatynyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň üýtgeşikligine göz ýetirýär. Ol jöwza yssa we gyşyň sowugyna çydamly sazak, sözen, gandym ýaly ençeme çöl ösümlikleri dürli pasyllardaky şekilini we gum gerişleriniň arasynda geçýän düýeleri hakykylyk bilen suratlandyrýar. Çünki onuň aýtmagyna görä, ol, köplenç, daň atmanka Garaguma açyk howada surat çekmäge baryp, asmanyň gözelligini şöhlelendirýän şapagy çekmäge aýratyn gowy görýär.
Gülşat Annamyradowanyň “Garagumyň säheri” (2019 ý.) atly nakgaşlyk eseriniň birinji meýilnamasynda arwana düýeleriň hatary gum depeleriň arasynda şekillendirilen dabaraly ýörişi Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny alamatlandyrýar. Taslamanyň yzky meýilnamasynda gülgüne, sary, mämişi we benewşe reňkleriň öwüşginlerde çekilen şapak Garagumyň gözelligini nygtaýar. Nakgaşyň “Garagumda düýeler” (2017 ý.) we “Garagum” (2022 ý.) atly eserlerinde türkmen topragynyň Güneş nurunyň we ýylysynyň janlandyryjy güýjüne baýdygyny beýan edilýär.
Änewiň peýzažyny suratlandyrýan “Änew ekin meýdany”, “Änew metjidi”, “Dag peýzažy” (üçüsem 2017 ý.), “Änewde Günüň doguşy” (2020 ý.) atly şahyrana eserlerinde suratkeş bahar paslynda ekerançylyk meýdanlarynyň owadan görnüşini, ynsanyň janly tebigat bilen ýakyn arabaglanyşygyny, taryhy ýadygärlikleriniň waspyny şekillendirýär. Ol perspektiwanyň gurluşyny we taslamanyň çözgüdini, atmosferanyň ýagdaýyny, howany we ýagtylygy, olaryň üýtgäp durşuny görkezmäge ymtylýar.
Gülşat Annamyradowanyň “Bägül çemeni” (2020 ý.) we “Gülälekler” (2020 ý.) ýaly işlerinde gülleriň özboluşly gözelligi, şatlygyň, rahatlygyň duýgularyny oýarýar. “Gülälekler” atly işini synlaýan her bir tomaşaçy türkmen baharynyň meýdanyna çykyp, görüp bilýän görnüşini ýadyna düşürip bilýär. Onda gülleriň näzik we özüneçekiji owadanlygy, gyzyl gülýapraklaryň ýaz şemalyna görä edýän çeýe hereketleri açyk gök reňkli asmanyň ýerliginde haşamlylyk bilen çekilipdir.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň örän täsin jana şypaly ýumşak howasyny we ýelken sporty (windserfing) bilen meşgullanýan ýaşlaryň tolkunlaryň üstündäki hereketlerini erjellik bilen ýerine ýetirýändigini suratkeşiň “Awaza ýelkeni” (2021 ý.) atly eserinde hakykylyk bilen beýan edilýär. Mawy asmandaky gülgüne bulutlaryň şekilleri deňziň tolkunlarynyň sazlaşygyna birigýär, ýelkenlerdäki sary, gyzyl, ýaşyl we gök reňkler bolsa hereketiň çalasynlygyny duýmaga ýardam edýär. Ýaş nakgaşyň döredijiligi plener nakgaşlygynyň täsirli diline aralaşmaga, türkmen peýzažynyň özüne çekiji güýjüni duýmaga mümkinçilik berip, tebigata bolan çuňňur söýgini oýarýar.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sungaty öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler