Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

“Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr”. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň bu gymmatly sözleri ýurt Garaşsyzlygymyzyň berkararlygymyzyň hem bagtymyzyň gözbaşydygyna giňişleýin göz ýetirmäge esas döredýär.

Dogrudanam, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna ýol açan, köp asyrlyk däplerimizi, milli gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltmäge mümkinçilik beren mukaddeslikdir. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz, bagtyýar halkymyz Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Yzly-yzyna gelýän milli baýramlarymyz we senelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerimiziň, rowaçlyklarymyzyň toýudyr.

Bagtyýar halkymyz her bir baýramyny milli buýsanç, ýokary ruhubelentlik bilen uludan toýlaýar. Ynha tizden hem, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramyny uludan toýlarys. Bu şanly toýa ähli watandaşlarymyz uly zähmet ýeňişleri, üstünlikler bilen barýar. Çünki Garaşsyzlyk döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmaga, durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen başlangyçlary netijeli ösdürmäge ýol açýar.

Uly ösüşlere hem özgertmelere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan ýurdumyz belent sepgitlere eýe boldy, ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşdy, durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge şert döredýän mümkinçilikleri berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi. Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýoly uly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, halkymyzy täze-täze maksatlara, ösüş menzillere atarýar.

Garaşsyzlyk – halkymyzyň jebisliginiň, döwletliliginiň sarsmaz sütüni bolup, abadan durmuşymyzyň şamçyragy, başymyzyň täjidir. Ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler öz gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz beýik geljegimize kepildir.

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok