Çakyr önümçiliginiň müňlerçe ýyllyk taryhy bar. Häzirki wagtda Gürjüstanyň ýerleşýän sebiti, adatça, çakyr önümçiliginiň doglan ýeri hasaplanýar. Bu sebitdäki arheologiki we arheobotaniki gözlegler üzüm çakyrynyň we üzümçiligiň miladydan öňki 6000-5800-nji ýyllar aralygynda başlanandygyny görkezýär.
Çakyr ilkinji gezek Günorta Kawkazda ýa-da Gürjüstandan soň Gündogar Anadoly bilen Demirgazyk Eýranyň arasyndaky sebitlerde öndürilipdir. Eýrandaky arheologiki subutnamalar önümçiligiň takmynan 5000-nji ýylda we Sisiliýada takmynan 4000-nji ýyllarda başlandygyny görkezýär. Iň gadymy çakyr önümçiligi häzirki wagtda Ermenistandaky “Areni-1” gowak toplumynda ýerleşýär.
Miladydan öňki 7000-nji ýylda Hytaýda öndürilen tartar turşusynyň galyndylaryny göz öňünde tutsak, bu sebitde Gürjüstandan has ir şerap öndürilýändigi barada subutnamalar bar, ýöne bu içgilerde üzümiň ýerine beýleki miweleriň ulanylan bolmagy ähtimal diýlip çaklanylýar. Şol döwürlerde çakyr Bu içgi dürli miweler bilen tüwini garyşdyrmak arkaly öndürilenligi öňe sürülýär.
Taryhy finikiýalylar çakyr medeniýetiniň günbatara ýaýramagynda möhüm rol oýnapdyr. Çakyr Finikiýanyň Biblos şäherinden, Müsürdäki Köne Patyşalyga we beýleki Ortaýer deňziniň sebitlerine eksport edilipdir. Miladydan öňki 750-nji ýylda döredilen we Robert Ballard tarapyndan açylan iki Finik gämi heläkçiliginde gämileriň alyp barýan çakyrlary üýtgemän häzirki güne çenli gelip ýetipdir. Finikiýalylar bu çakyrlary dürli-dürli usullar bilen okislenmeden gorapdyrlar.
Häzirki wagtda dürli usullar arkaly alynýan çakyryň hili örän ýokarlandy. Täze geografiki gözlegler fransuz çakyry, italýan çakyry, amerikan çakyry, nemes çakyry, portugal çakyry, şwesiýa çakyry, argentina çakyry, çili çakyry we ispan çakyry ýaly häzirki zaman çakyr öndürmek däpleriniň döremegine sebäp boldy.
Nurmyrat NURYŞOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler