Bilim ulgamy oňyn ösüşler bilen batlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, oňyn sepgitleri nazarlaýar. Bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga, bilim maksatnamalarydyr meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasat ugruny, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy düýpli öwretmek bilen baglanyşykly derwaýys wezipeleri amal etmekde ýaşlara uly ynam ynam bildirilýär. Şol nukdaýnazardan hem, ýaş nesle döwrebap bilim bermek, ylym hem hünär öwretmek bilim meýilnamalarynyň esasyny düzýär. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna, täze tehnologiýalara hem innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Çünki hünärine ökde, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem ruhubelent nesli kemala getirmek amala aşyrylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamakda kämil bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde, bu ugurda toplumlaýyn işleriň ençemesi amala aşyrylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaş nesliň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy tehnologiýalary we okuw-usulyýet serişdelerini peýdalanmak arkaly häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan ýaşlar, ussat hünärmenler taýýarlanylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy-tehnologik açyşlary alyp barmagyna we özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Häzirki wagtda döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgamy ösdürmek babatda gazanylanlaryň hem işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimiziň ähli önümçilik pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyna ýaşlar işjeň gatnaşýar. Ýaşlaryň tebigy zehinini we bilime höwesini ösdürmek, olara täze, döwrebap hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy işleriň we bilim bermegiň utgaşykly alnyp barylmagynyň netijesinde, bilim maksatnamalary üstünlikli amal edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, okamagy, döredijilikli zähmet çekmekligi üçin zerur şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok