Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejede ösdürmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky gazanylýan üstünlikler bilim işgärlerini has-da netijeli zähmet çekmäge, ýaş nesilleriň bilim dünýäsine içgin aralaşmagyna uly itergi berýär.
Mähriban ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralarynyň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi altyn güýzüň şatlykly gününde ýaşlar üçin gapylaryny giňden açdylar. Bu buýsandyryjy wakalar mynasybetli geçirilen dabaralar biziň ruhumyzy belende göterdi.
Ata Watanymyzda ylymly-bilimli nesliň kemala gelmeginde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edip, giň gözýetimli ýaşlara nusga bolýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mähriban HAJYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler