Bagtyýar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri esasy üns merkezinde saklanýar.
Ýurdumyzyň sebitlerini we bu ugry hemmetaraplaýyn ösdürmek halkymyzyň abadançylygyny we ýurdumyzyň gülläp ösüşini alamatlandyrýar. Diýarymyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagyň öndürýän önümlerine bolan isleg hasaba alnyp, oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Pudakda täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär.
Azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty pudagyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda wajyp ädimdir.
Oba zähmetkeşlerine döwlet tarapyndan dürli ýeňillikleriň, şol sanda önümçilik harajatlarynyň peseldilmegine gönükdirilen mümkinçilikleriň döredilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hereket edýän netijeli önümçilik ulgamy, bir tarapdan, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki bir tarapdan bolsa kärhanalaryň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýyladyşhanalar şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylboýy gök önümler bilen üpjün edýär. Azyk önümleri saklanylýan döwrebap ammarlar ýörite enjamlar, ýükleýji-düşüriji tehnikalar, göteriji gurallar bilen enjamlaşdyrylandyr. Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, şol sanda iň täze kysymly tehnikalar satyn alnyp, olar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýär, oba hojalyk pudagy mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Önümçilige işjeň ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýady emele getirýär.
Bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilen hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilmegi bazarlary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu ulgamyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna iri möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär, ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli ýagdaýda ulanmaga berilýär. Suw hojalyk toplumynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýakup MÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy
hünäriniň V ýyl talyby.
Teswirler