Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

Ýurdumyzda şu ýylyň 6-njy sentýabryndan güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge badalga berildi.


Döwlet baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki wagtda ekişiň ýakynlap gelýändigini nazara alyp, zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna üns çekipdi. Güýzlük bugdaý ekişiniň möwsümini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda wagtynda, tiz we ýokary hilli geçirmekligi nygtap geçdi. Ata-babalarmyzdan gelýän ýörelgä görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulylaryň gatnaşmagynda başlanyldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz ýüzlerçe gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekişi geçirip, ak bugdaýyň bol hasylyny almaklygy maksat edinýärler. Ekişe girişilmeziniň öňüsyrasynda ähli welaýatlaryň merkezlerinde we daýhan hojalyklarynda tejribe maslahatlary geçirildi.


Tejribe maslahatlarda geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük ekişi guramaçylykly başlamak we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça öňde duran wezipeler dogrusynda durlup geçildi.


Hormatly Prezidentimiziň güýzlük bugdaý ekişine beren ak patasyndan ugur alyp zähmetkeş daýhanlarymyz täze möwsüme dili senaly ýaşulularyň “Bismillasy” bilen başladylar.


Nurana ŞUKUROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok