Magtymguly Pyragy muzeýiniň mejlisler jaýynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleriniň hem-de Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny we söz ägirdiniň edebi mirasyny halka wagyz etmek maksady bilen, dabaraly maslahat geçirildi.
Magtymguly etrap merkezinde «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» ady bilen guralan çäräniň öň ýanynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp seýilgähde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Magtymguly Pyragy muzeýiniň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergi aýratyn ýatda galyjy boldy. Onda akyldar şahyryň eserler ýygyndylary, ömrüne we döredijiligine bagyşlanan işler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly dürdäne kitaplary aýratyn orun eýeledi.
Akyldaryň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde arşa göterilen döredijiligi barada täsirli söhbetler edildi. Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusyndan setirler mysal getirilip, beýik şahyrymyza bagyşlanan ajaýyp şygryň çuň many-mazmuny, çeperçiligi we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.
Teswirler