Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň parasatly eserleri dünýä ýüzünde

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edipdir» diýip belleýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik ýörelgesini ölmez-ýitmez şygyrlary arkaly bütin ömründe watandaşlaryna wagyz eden, «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar. Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen dürdäne setirleri döreden akyldaryň Berkarar döwletimiziň rowaçlanjakdygyna mundan birnäçe asyr öň welilik bilen akyl ýetirendigi has-da guwandyryjydyr.

Dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrymyzyň şygyrlary onuň ýaşan döwrüniň taryhy-sosial wakalaryny, ýaşaýyş-durmuşyny açyp görkezmek bilen bir hatarda edebi dilimiziň köpöwüşginliligini, onuň çeperçilik serişdelerine baýdygyny görkezýär. Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasyndan dörän şygyrlar okyjyny watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ruhunda terbiýeleýär. Onuň şygyrlaryndaky sözüň gudraty, gymmaty baradaky jümleler bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Görnükli söz ussadynyň miras goýup giden öwüt-ündewleri, pähim-parasatly sözleri bize nusgalyk mekdepdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde ruhy seždegähimiz Magtymguly atamyzyň “Berkarar döwlet istärin” diýen ganatly arzuwy amala aşdy. Gündogaryň beýik akyldary hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň dünýä hakydasy atly maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi, Türki dilli döwletleriň halkara medeni guramasynyň karary bilen “2024-nji ýylyň Halkara Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyrylýandygy baradaky şatlykly habarlar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy çuňňur öwrenilýär. Onuň dürdäne şygyrlary yzygiderli neşir edilýär. Geljek ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly belleniler. Ýurdumyzda şu günlerden ýubileý dabaralaryna giňden taýýarlyk görülýär.

Daýanç AŞYRGELDIÝEW,

Döwletmämmet azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok