Ösüşleriň hem özgertmeleriň eýýamy

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň we naýbaşylarynyň biridir. Täze şäher özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary, «akylly» şäher tilsimatlary bilen göreni haýrana goýýar.

Aýratyn bellemeli şatlykly wakalaryň biri hem Arkadagly Serdarymyzyň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bäş müň orunlyk täze binalar toplumyny gurmak hakyndaky gol çeken taryhy Kararydyr. Bu bolsa eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna ýokary hünär bilimli ýaş nesilleri taýýarlamak ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi Türkmenistanda bimöçber we giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ilkinji we ahyrky ýagdaýda ilatyň rahat we abadan durmuşynyň kepillendirilmegini aňladyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatyndan ugur alyp, hakykat ýüzünde amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bu günki günde ylymdan-bilimden ýüki ýetik Arkadag Serdarly bagtyýar talyp ýaşlarymyz mukaddes Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadydyr. Bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ugrunda edýän ýadawsyz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Nurmyrat MEÝLISOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok