Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüniň tutuluş dabarasy boldy. Oňa bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 26 kafedra hereket edýär, olarda 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine okuw-gurluşyk, Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezleri girýär. Ýokarda agzalan konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, institutda içki tor döredildi, onuň binýadynda sanly bilim portaly hereket edýär hem-de onuň mazmuny yzygiderli täzelenilýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw işine elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.
Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda işleýän işgärleriň hünär-bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, institutda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň hereket edýändigini bellemek gerek. Bilelikde ylmy-barlag, taslama, tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ylmy-barlag edaralarynda institutyň binýatlyk kafedralary hereket edýär.
Häzirki wagtda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, onuň ähli tapgyrlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okuw işiniň dowamynda innowasion çemeleşmeleriň ulanylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, TDBGI-de degişli ylalaşyklaryň hem-de ähtnamalaryň esasynda Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de işjeň ösdürilýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
Gurban BEGALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler