Nurly geljegiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan tejribeli hünärmenleri ýetişdirmek, kompýuter tehnologiýalarynyň gazananlaryny ýaşlar üçin elýeterli etmek barada uly tagallalary edýär. Ýurdumyzda gurulýan bilim edaralary iň häzirkizaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň gurluşygyna ak pata bermegini mysal getirmek bolar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek TDBGI-niň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy.

Şeýle-de resminama laýyklykda institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Amandursyn DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok